Biz siziň biznesiňiz üçin hyzmat edýäris!

Biz barada Habarlaşmak

Gümrük dellaly barada

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň gümrük dellaly hökmünde gümrük dellallarynyň Sanawuna goşulyp işi amala aşyrmaga hukuk berýän Şahadatrnamany alan ýuridik şahs gümrük dellaly bolup biler

Gümrük dellaly deklarantyň ýa-da başga dahylly şahslaryň adyndan olaryň tabşyrygy boýunça şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalaryny amala aşyrýar

Gümrük dellalynyň wekillik edýän şahs bilen gatnaşyklary gümrük Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyrjy hukuk namalaryna laýyklykda şertnama esasynda guralýar

Gümrük dellalynyň hukuklary

Gümrük operasiýalaryny amala aşyran mahalynda gümrük dellaly gümrük edaralary bilen özara gatnaşyklarynda özüniň bähbitlerine wekilçilik etmäge ygtyýar berýän şahsyň hukuklary ýaly hukuklara eýedir.

Gümrük dellaly gümrük edaralarynyň öňünde onuň wekilçilik edýän şahsynyň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin, eger şu Kodekse laýyklykda olaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi talap edilýän bolsa, kepil geçiji hökmünde çykyş etmäge haklydyr.

Gümrük dellaly wekilçilik edilýän şahsdan gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary, şol sanda täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän we beýleki ýaşyryn maglumatlary bermegini talap etmäge hem-de resminamalary we maglumatlary almaga haklydyr.

Gümrük dellaly wekilçilik edilýän şahs bilen şertnama baglaşmagyň şerti hökmünde Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ol şahsyň borçlarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň talaplaryny bellemäge haklydyr.

Gümrük dellalynyň borçlary we jogapkärçiligi

Gümrük dellalynyň gümrük taýdan resmileşdirmek mahalyndaky borçlary harytlaryň gümrük düzgünine we başga gümrük amalyna ýerleşdirilmegi üçin zerur bolan gümrük operasiýalary babatda şu Kodeksde bellenilen talaplar we şertler bilen şertlendirilýär.

Eger wekilçilik edilýän şahs bilen şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, gümrük dellaly gümrük töleglerini, salgytlary töleýär we tölenilmäge degişli gümrük tölegleriniň, salgytlaryň tölenilmegi üçin deklarant ýaly jogapkärçilik çekýär.

Wekilçilik edilýän şahslardan alnan, täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syry düzýän maglumatlar hem-de beýleki ýaşyryn maglumatlar gümrük dellaly we onuň işgärleri tarapyndan jar edilmeli ýa-da hususy maksatlar üçin ulanylmaly däldir we başga şahslara berilmeli däldir.

Gümrük dellaly özi tarapyndan gümrük operasiýalary amala aşyrylýan harytlar babatda hasabaty ýöretmäge hem-de gümrük edaralarynyň talap etmegi boýunça amala aşyrylan gümrük operasiýalary hakynda hasabat bermäge borçludyr.

Habarlaşmak üçin

Gurtly ýaşaýyş toplumy, jaý 3-15-2

ykjamtravel@gmail.com

+993 65 330360

Loading
Habaryňyz ugradyldy. Sag boluň!